JEMGYÝET

Si Szinpin: hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Şol hatda HHR-iň Başlygy hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.

Bu hatda hususan-da şeýle diýilýär:

– Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Geçen ýyl biz Siziň bilen iki gezek duşuşdyk, bilelikde hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak, şeýle hem ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşdyk.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin hem-de kuwwatly döwleti gurmak maksadyndan ugur alyp, iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagalla etmäge taýýardyryn.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumy açyldy

Ata Watan Eserleri

Harby ýolbaşçylara general-maýor harby atlary dakyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Owganystan-Gazagystan: täze demirýol taslamasy durmuşa geçiriler