DÜNÝÄ

Aşgabatda GDA-nyň maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçirildi

Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisi geçirildi.

Foruma gatnaşmak üçin Belarus, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we beýleki degişli düzümleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Şunuň ýaly hem GDA gatnaşyjy döwletleriň ençemesiniň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bu mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, migrasiýa we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň agzasy bolup durýar we bu geňeşiň işine işjeň gatnaşyp gelýär.

Iki günlük forumyň birinji gününde Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça gepleşikler geçirildi we degişli resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde GDA agza ýurtlarda zähmet we durmuş üpjünçiligi  kanunçylygynyň kämilleşdirilişi, ilatyň iş üpjünçilik ýagdaýy we 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň weteranlaryna hödürlenilýän durmuş ýeňillikleri ýaly meselelere garaldy.

Ýene-de okaň

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri