DÜNÝÄ

Türkmenistan GDA-nyň geňeşine başlyklyk eder

Aşgabatda GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan geňeşe başlyklyk etmegi resmi taýdan kabul etdi.

Türkmenistandaky kärdeşlerine geňeşiň başlyklygyny tabşyryp, Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Alekseý Wowçenko degişli geňeşe Russiýanyň başlyklyk eden döwründe, ýagny 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň oktýabry aralygynda möhüm üstünlikleriň gazanylandygyny belläp geçdi. Ol esasy başlangyçlaryň arasynda birnäçe möhüm maksatnamalaryň we döwletara ylalaşyklaryň taýýarlanylandygyny nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Zähmet we Ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary geňeşiň agzalaryna işjeň hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi we GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyndaky strategik wezipeleri durmuşa geçirmekde toparlaýyn işleriň uly ähmiýete eýedigini belledi. Ol Türkmenistanyň bu işi ýokary derejede dowam etdirjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň zähmet we durmuş ugurlaryndaky tagallalaryny birleşdirmek üçin möhüm meýdança bolup durýar. Onuň mejlislerinde iş bazary, durmuş we iş üpjünçiligi, işgärleriň hukuklarynyň goralmagy, zähmet çekmegiň şertleri ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Geňeşiň netijeli çözgütleri GDA ýurtlarynyň döwlet syýasatynyň ösmegine uly täsir edýär, bu bolsa Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynda möhüm tapgyr bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi