JEMGYÝET

Wladimir Putin: GDA döwletleri Russiýanyň strategik hyzmatdaşlarydyr

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle hem bu mejlise Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikolýan Paşinýan, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

GDA-nyň sammitinde çykyş eden Wladimir Putin guramanyň çäklerindäki söwda-ykdysady gatnaşyklara kanagatlanma bildirip, täjirçilik amallarynda milli pul birliginiň paýy 85 göterime deň bolandygyny belledi. Şeýle hem Putin şu ýylyň birinji ýarymyna GDA ýurtlarynyň jemi ierki önüminiň ösüş depgininin 4,7 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Ol Russiýanyň GDA-nyň çäklerinde meýletinçilik guramalarynyň assosiasiýasyny döretmek we her ýyl meýletinçileriň forumyny geçirmek teklibini goldandygyny belledi.

Rus Lideri 2025-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagtynyň Azerbaýjanyň Laçin şäheriniň yglan edilendigini, 2026-njy ýylda bu derejä Ermenistanyň Megri we 2027-nji ýylda bolsa, Belarusyň Molodeçno şäheriniň boljakdygyny habar berdi.

Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti sammite gatnaşyjy döwlet Baştutanlaryny 23-24-nji oktýabrda Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek BRIKS sammitiniň çäklerindäki “BRIKS+” formatyndaky duşuşyga gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem şu sammitden soňra GDA-nyň başlyklygy Russiýadan Täjigistana geçer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Hytaýa iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ata Watan Eserleri