DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Serbiýanyň diplomatik gulluklary hyzmatdaşlyk eder

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Serbiýanyň daşary işler ministri Marko Žuriç bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek baradaky özara niýetlerini mälim etdiler. Türkmenistan bilen Serbiýanyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmasy tassyklandy.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy