DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) Baş direktory jenap Mohamed Ahmed Al Harbi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy.

2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýändigi aýratyn bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar degişli edaralaryň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnamany taýýarlamak arkaly hyzmatdaşlygy resmi taýdan berkitmek mümkinçiliklerine seretdiler. Taraplar tehniki hyzmatdaşlyk, şol sanda sanly ulgam arkaly atlaryň şejeresini ýöretmek we weterinar kadalary ýaly ugurlarda pikir alyşdylar.

Taraplar geljekki bilelikdäki başlangyçlary utgaşdyrmak üçin yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, bedew atynyň iki ýurduň halklary üçin hem möhüm medeni nyşandygyny nygtadylar.

Related posts

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistan bilen Katar sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy

Russiýanyň Türkmenistana bellenen ilçisi ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy