DÜNÝÄ

Russiýanyň daşary işler ministri Hazarýaka döwletleriň ilçileri bilen duşuşdy

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniň Russiýadaky ilçileri bilen duşuşdy. Duşuşykda Hazarýaka döwletleriniň – Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

– Hazar sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we “bäştarapaýyn” formatda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň, şol sanda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Türkmenistanda geçiriljek indiki duşuşygyna taýýarlyk görmek bilen gyzyklanýan pikir alyşmak boldy – diýlip, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Bu duşuşyk Hazar deňziniň halkara gününe bagyşlanyp geçildi.

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy