JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň we Germaniýanyň Kansleriniň duşuşygy başlady

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki Garaşsyzlyk köşgüne geldiler, diýip Akorda metbugat gullugyna salgylanyp Kazinform agentligi habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýokary derejeli myhmanlary garşylady.

Bu ýokary derejeli sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine gelendigi habar berildi.

Şeýle hem, bu saparyň öňüsyrasynda, düýn 16-njy sentýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Germaniýanyň federal kansleri Olaf Şolsuň arasynda duşuşyklar geçirildi.

Duşuşykdan soň, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Germaniýanyň federal kansleri Olaf Şols Gazagystan Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasy arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki deklarasiýa kabul etdiler.

Olaf Solşuň bu sapary tayrhy ähmiýete eýedir, mundan 14 ýyl ozal Germaniýanyň Hökümet Baştutany Gazagystanda saparda bolupdyr.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1.5 esse artyp, 2023-nji ýylda 4 milliard dollara deň boldy. Şu ýylyň 7 aýynda bu görkeizji 2.3 milliard dollardan geçdi.

2005-2024-nji ýyllarda Germaniýanyň Gazagystanyň ykdysadyýetine gönüden-göni maýa goýumlarynyň möçberi 6.7 milliard dollara deň boldy. Gazagystanda german kapitalynyň gatnaşmagynda 1000-den gowrak kompaniýa işleýär.

Olaf Şolsuň Gazagystana saparynyň çäklerinde 23 ylalaşyga gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitiniň ilkinjisi 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Germaniýanyň Berlin şäherinde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Liderleri we Germaniýanyň Kansleriniň bilelikdäki beýanaty