BIZNES

“Rönesans” kompaniýasy Aşgabatda söwda merkezini gurar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda söwda merkeziniň taslamasyny düzmek, meýdançanyň toprak işlerini ýerine ýetirmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret Anonim Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we söwda merkezini 2027-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

Hytaý 6,1 mlrd dollarlyk türkmen gazyny satyn aldy

«Fitch Ratings» reýtingi Türkmenistana täze maýa goýumlaryny çekmäge kömek edýär

1.Hazar Ekonomik Forumu internet sitesi açıldı

vepa