SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýäniň uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin hünärmen taýýarlar

Türk aeronawtika birleşigi uniwersiteti Türkmenistanyň raýat awiasiýasy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga öz goşandyny goşar. Bu barada  Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Rahmi Er türk metbugatyna beren beýanatynda belläp geçdi.

Daşary ýurtdan ýokary okuw mekdebi üçin uly gyzyklanmanyň bardygyny bellän rektor Rahmi Er “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň gyzyklanmasy bilen uçarman zerurlygyny kanagatlandyrmak maksady bilen şertnama gol çekilendigini belledi.

Ol  Antalýa diplomatiýa forumynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, uçarmanlyk bilimi üçin ilkinji tapgyryň şu ýyl Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetinde bilim almaga başlajakdygyny belläp geçdi.

Şeýle hem diňe bir uçarman taýýarlamak bilen çäklenilmän, eýsem awiasiýa pudagynyň zerurlyklary göz öňünde tutulyp, uçar tehnologiýasy, howa ligistikasy, dispetçer ýaly ugurlarda hünärmenleri ýetişdirmek üçin talyplary kabul etjekdiklerini aýtdy.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar