SPORT

Germaniýanyň täze hüjümçisi Angliýada oýnar

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hem-de ýurduň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Niklas Fullkrug Angliýanyň “West Hem” toparynyň düzümine goşuldy.

31 ýaşyndaky hüjümçi geçen möwsümde “Borussiýa Dortmund” toparynyň Çempionlar ligasynda çykyş eden döwründe görkezen netijeleri bilen köpleriň ünsüni çekdi. Şonuň netijesinde, ol Germaniýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatyna gatnaşdy.

Iňlis topary tejribeli hüjümçi üçin german klubyna 30 million ýewro töledi.  “Borussiýa Dortmund” toparynyň düzüminde çykyş eden Fullkrug mundan ozal “Werder Bremen” toparynda oýnapdy.

Fullkrug “Borussiýa Dortmund” toparynyň düzüminde 43 duşuşykda oýnap, 15 gol geçirdi.

Related posts

Angliýanyň iň meşhur topary

Neýmar PSŽ-ä, aslynda, näçeräk baha bilen geldikä?

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri