DÜNÝÄ

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda “Ahundowyň öýi” muzeýinde, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen” atly fotosurat sergisi açyldy.

Bu açylyş dabara Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Gruziýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar we surata höwesjeňler, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Surat sergisinde türkmen suratkeşleriniň Magtymgulynyň durmuşyndan täsirli wakalary gürrüň berýän 50-den gowrak eser görkezildi. Sergä gatnaşyjylar ekspozisiýalary türkmen milli sazlaryň astynda synladylar.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, bu halkara sergisi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna, doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam boljakdygyny aýtdy.

Tbilisi şäheriniň Krtsani etrabynyň häkimi Beka Mikautadze hem myhmanlara ýüzlenmek bilen, türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamyndaky häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara gepleşikleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol fotosurat sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we bular ýaly çäreleri gurnalmagy Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni, ylym we bilim pudaklaryndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Ähli isleg bildirýänler üçin fotosurat sergisi 2024-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi