SPORT

Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar

Meşhur halkara grossmeýsteri Wasiliý Iwançuk sentýabr aýynda Budapeştde (Wengriýa) geçiriljek 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin Türkiýäniň Antaliýa şäherinde türgenleşik ýygnanşygyny geçýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň okuw-türgenleşigine ýolbaşçylyk edýär. Bu barada  «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler topary hem türgenler bilen bilelikde türgenleşik ýygnanşygynda ussatlygyny ýokarlandyrýarlar.

Türk tälimçisi, halkara ussady Okan Ozsakallioglu hem türkmen küştçüleriniň, hususan-da, zenanlar toparyny taýýarlamaga gatnaşýar. Çäräni halkara ussady Melih Ýurtseweniň ýolbaşçylygynda Türkiýedäki «Satranc365» professional küşt akademiýasy gurady.

Taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň erkekler topary türgenleşik ýygnanşygynyň guramaçylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Wengriýanyň paýtagtyndaky küşt olimpiadasy 2024-nji ýylyň 11–23-nji sentýabry aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler