SPORT

Ispaniýa ynamly, Angliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Ispaniýa bilen Angliýa 1/4 finala çykdy. Ispaniýa Gruziýa garşy ynamly ýeňiş gazanan bolsa, Angliýa soňky minut, ýa-da sekuntlarda geçiren goly bilen ýeňlişden halas boldy.

Angliýa bilen Slowakiýanyň arasyndaky duşuşyk garaşylmadyk netije bilen tamamlanyp barýardy. 25-nji minutda slowaklar Şransyň goly bilen öňe saýlandy. 90+5-nji minutda Jud Bellingem Angliýany halas etdi.

Duşuşygyň esasy 90 minuty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Duşuşyga 30 minutlyk goşmaça wagt berildi. Şonuň ilkinji minutlarynda Angliýanyň ýyldyzy Garri Keýn tapawutlanyp, Slowakiýadan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Ýewropa çempionatynda ýeňilmän gelýän Ispaniýa bolsa, çempionatyň täze ýygyndysy Gruziýadan üstün çykdy. 18-nji minutda Le Normanyň öz derwezesine geçirne goly bilen Gruziýa öňe saýlanan hem bolsa, 39-nji munytda Rodri, 51-nji minutda Ruis, 75-nji minutda Uilýam we 83-nji minutda Olmonyň gollary bilen Ispaniýa ýeňiş gazandy.

Ispaniýa 1/4 finalda güýçli garşydaş garaşýar. Ol hem ýer eýeleri Germaniýadyr.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady