JEMGYÝET

Özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdşelik boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglygyny, abadançylyk we uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Lideriniň häzirki zaman Türkmenistanyň okgunly ösüşinde, türkmen döwletiniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-özbek köptaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrmak taryhy goşandynyň bardygyny belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda soňky ýyllarda gazanylan ösüş depginine uly kanagatlanma bildirdi. Söwdanyň möüberi artýar, serhetýaka sebitde söwda zolagy döredilýär, bilelikdäki möhüm ykdysady we ynsanperwer maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplar öňde boljak hökümetara toparyň  mejlisinde senagat, ulag, energetika, oba hojalygy, sebitara we medeni ulgamlarda täze taslamalary işläp düzmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygyna degişli möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi