JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanda saparda bolar

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolar. BMG-niň Baş sekretary bu saparynyň çäklerinde Türkmenistana hem sapar bilen geler. Bu barada BMG-niň metbugat gullugy habar berýär.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa saparyna Özbegistandan başlar. Onuň Özbegistana sapary 29-njy iýun-1-nji iýul aralygynda bolar.  Ol soňra Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda saparda bolar. Guterrişiň sebit ýurtlary sapary 7-nji iýula çenli dowwam eder.

Guterriş Gazagystanda 3-4-nji iýulda Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşar.

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Merkezi Aziýa ikinji resmi saparyny amala aşyrýar. Ol mundan ozal, 2017-nji ýylda sebit ýurtlarynda saparda bolupdy.

Related posts

“Dostluk kerweni” ýörişi Türkmenistan şäherlerinden geçer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing

Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Ata Watan Eserleri