SPORT

NBA-nyň taryhynda ilkinji gezek ataly ogul bir toparda oýnar

ABŞ-nyň milli basketbol ligasynyň (NBA) taryhynda ilkinji gezek kakasy we ogly bir toparda çykyş eder. NBA-nyň güýçli toparlaryndan “Los Anjeles Leýkers” toparynda çykyş edýän meşhur basketbolçy ýnaýan LeBron Jeýms ogly Bronni Jeýms bilen topardaş boldy.

– Mundan ozal, NBA-nyň taryhynda basketbol meýdançasyny bilelikde paýlaşan ataly ogul bolmandy” -diýip, “Los Anjeles Leýkers” toparynyň baş müdiri Rob Pelinka belläp geçdi.

39 ýaşyndaky Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda 4 gezek iň gowy basketbolçy hökmünde saýlanan oýunçylaryň biridir. Ol 2018-nji ýyldan bäri bu toparda çykyş edýär. Mundan ozal, Lebron Jeýms “Kliwlend”, “Maýami” ýaly toparlarda çykyş etdi.

Lebron ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen 2 gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler