SPORT

Gruziýanyň milli ýygyndysyna 10 million ýewro berildi

Germaniýada geçirilýän futbol boýunça Ýewropa çempionatyna ilkinji gezke gatnaşan Gruziýanyň milli ýygyndysy 1/8 finala çykyp, hemmeleri haýran galdyrdy.

Çempionatyň soňky duşuşygynda Portugaliýanyň ýygyndysy 2:0 hasabynda ýeňen Gruziýanyň ýygyndysyna 10 million ýewro baýrak berler.  “Gruzin arzuwy” partiýasynyň esaslandyryjysy, ýurduň ozalky Premýer-ministri Bidzin Iwanişwili ýygyndyny bu gaznaan üstünligi bilen gutlady we ýygynda 30 million lari (takmynan 10 million ýewro) pul baýragynyň beriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem milliarderiň başlangyjy esasynda Gruziýanyň ýygyndysy 1/8 finalda Ispaniýany ýeňip, ýoluny dowam eden halatynda goşmaça 10 million ýewr baýrak alar.

Related posts

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

FIFA-nyň baýrak gowşurylyş dabarasy ýatyryldy

Çempionlar Ligasynda 1/8 final tapgyrynyñ jogap duşuşyklary geçiriler