Eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýetlidir. Bu babatdan, ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär.
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sport abraýyny ýene-de bir gezek belende galdyrdy.
Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony ýaly iri sport desgalary sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilen gününde — 1-nji iýunda Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylmagy hem täze sport mümkinçilikleriň şäheriniň sport abraýynyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdiriji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy
parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, netijeli türgenleşmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, milli we halkara derejedäki ýaryşlary guramak üçin döwrebap ugurdaş infrastruktura döredildi.
2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýylyň Kuraş boýunça dünýä çempionaty, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirildi. 2025-nji ýylda paýtagtymyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada kabul eden çözgüt ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmek babatda beýik işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmen sportunyň üstünlikleriniň şanyna halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabaralarynyň guralmagy, ýeňijilere gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy türgenlerimizi Watanymyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermäge, iri ýaryşlarda ýaşyl tugumyzy belentde parlatmak üçin täze sport ýeňişlerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.Şonuň netijesinde, her ýyl 3-nji iýun “Bütindünýä welosiped güni”hökmünde giňden bellenilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa, bu baýramçylygyň dabarasy has-da dabaralandyrylyp, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginde 335 kilometr aralygynda ilkinji gezek welosipedli ýöriş hem guraldy. Oňa ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we tehniki işgärleriň 2-si gatnaşdy.
Watanymyzda welosipediň meşhurlygyny artdyrmak ugrundaky çäreler barada söhbet edilende, ýene-de iki senäni ýatlaman geçip bolmaz. 2018-nji ýylda köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirilen welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagyna 3 müň 246 adam gatnaşdy. Şonuň bir ýyl yzysüre Olimpiýa şäherçesinde geçirilen «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişe» welosipedçileriň 2019-sy goşuldy. Bu çäreleriň ikisine-de Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun berildi.
2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň awtordaşlyk etmeginde öňe sürlen başlangyç esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşi boldy.
Paýtagtymyz Aşgabat tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine sport, ykdysady, medeni diplomatiýanyň möhüm merkezi hökmünde döwletimiziň abraýyny belende galdyrýar. Munuň özi Türkmenistanyň giň hyzmatdaşlygy, dostlugy, işewür gatnaşyklary ilerletmegi, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmegi maksat edinýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ak şäherimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin!
Muhammetgylyç Gurbangylyjow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.