Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 5-8-nji iýun aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Halkara ykdysady foruma gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Türkmen wekiliýeti bu forumyň çäklerinde birnäçüe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer, şeýle hem forumyň çäklerinde köptaraplaýyn çärelere gatnaşar.
Sankt-Peterburg şäherinde 1997-nji ýyldan bäri geçirilýän, bu forum 27-nji gezek geçiriler. Şu ýylky forumyň esasy temasy: “Köppolýarly dünýäniň binýady – täze ösüş ugurlaryny kesgitlemek”.
120 töweregi ýurtdan 10 müňden gowrak wekili özünde jemleýän bu çäre şu ýyl hem dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we öňdebaryjy telekeçileri bir ýere jemledi.