SPORT

Ronaldonyň gözýaşlary: “Al-Nasr” kuboksyz galdy

Saud Arabystanynyň Patyşasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda Kristiano Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen “Al-Hilal” topary duşuşdy.

Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik jerime urgulary netijesinde, kubogy “Al-Hilal” topary gazandy.

Şeýlelikde, Kristiano Ronaldo duşuşykda soňra ýeňilendikleri üçin gözýaş döküp aglady we 2022-nji ýyldan bäri Ronaldonyň çykyş edýän “Al-Nasr” topary kubok ýaryşlarynda 7-nji gezek ýeňlişe sezewar boldy.

“Al-Hilal” topary bolsa, möwsümi 3 kubok bilen tamamlady. Horhe Jesusyň tälimçiliginde bu topar Saud Arabystanynyň futbol çempionatynyň çempiony boldy, şeýle hem Saud Arabystanynyň Superkubogyny gazandy.

Related posts

Osman Dembele FIFA boýunça ýylyň futbolçysy saýlandy

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

Weýnaldum “Roma” toparyna geçdi

Ata Watan Eserleri