SPORT

Şu gün Çempionlar Ligasynyň finaly: “Real Madrid” we “Borussiýa Dortmund”

Şu gün gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler. Ýagny Ýewropanyň iň naýbaşy kubogynyň ýeňijisiniň kim boljakdygy mälim bolar.

Londonyň “Uembli” stadionynda duşuşyk Aşgabat wagty bilen gije 00:00-da başlar. Onda Ispaniýanyň “Real Madrid” topary bilen Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary duşuşar.

Bu final duşuşygy Çempionlar ligasynyň taryhyndaky 69-njy final oýny bolar. Bu naýbaşy kubogy iň köp gazanan topar “Real Madrid” toparydyr. 14 gezek bu kubogy gazanan “Real Madrid” topary soňky gezek 2022-nji ýylda Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanypdy.

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary 1 gezek Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy. Ol hem 1997-nji ýylda bolupdy we german topary Italiýanyň “Ýuwentus” toparyny 3:1 hasabynda utupdy.

Soňra german topary 2013-nji ýylda hem Çempionlar Ligasynyň finalyna çykdy we finalda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan 2:1 hasabynda utulypdy.

Related posts

Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna gatnaşýar

Umtiti “Barselonada” galarmy…

Sport habarlary: Italiýaly zenanlar dünýä çempiony, Infantino Daşkentde