SPORT

Hemilton “Formula 1” ýaryşlarynyň iň güýçli sürüjisi hasaplanýar

«Formula 1» ýaryşlarynda çykyş edýän «Alfa Tauri» toparynyň türgeni Daniil Kwýat häzirki wagtda bu ýaryşda iň ökde türgeniň 6 gezek çempion bolan Lýus Hemiltondygyny belläp geçdi. Hemilton “Mersedes” toparynyň düzüminde çykyş edýär.

– Anyk maglumatlar muňa şaýatlyk edýär. Hemilton hemmelerden öňde. “Mersedes” awtoulagyna bolan ynamy tükeniksiz – diýip, Kwýat “Sky Sports” neşirine beren beýanatynda belläp geçdi.

Hemilton dünýäniň çempiony diýen derejä bassyr 3 ýyldyr eýe bolup gelýär. 2020-nji möwsümde hem çempion bolan halatynda ol 7 gezek dünýäniň çempiony bolup, ady rowaýata öwrülen Mihael Şumaher bilen deňleşer.

Related posts

UEFA Konferensiýa ligasynda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri

Ata Watan Eserleri

“Tokio 2020” oýunlarynyň meýilnamasy

Türkmen türgeni Ganawada kümüş medal gazandy