SPORT

Türkmen türgeni Gran-priniň ýeňijisi boldy

Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda, Gran-pri ýaryşy geçirildi. Onda türkmenistanly türgen Suwhan Öwejeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, altyn medalyň eýesi boldy.

Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen, 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejelerinde göni finala çykyp bilýändikleri bu ýaryşyň esasy aýratynlygydyr. Halkara ýaryşa ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýeňijiler 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragyna we çempionlyk guşagyna mynasyp boldular.

Üstümizdäki ýylda sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleri bilen bilelikde, türkmen samboçylarynyň hem üstünlikli çykyş edýändiklerini bellemek gerek. Ýyla Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen girişen samboçylarymyz fewral aýynda bu dostlukly döwletiň Prezidentiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda ýedi medal gazanmagy başardylar. Şolaryň ikisi altyn, ikisi kümüş, galan üçüsi bolsa bürünç medallardyr. Mart aýynda olar Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda dört medal gazandylar.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy