SPORT

Iwanowiç “Zenitden” gidýär

Serbiýaly merkez goragçy Branislaw Iwanowiç tomusda Sankt-Peterburg şäheriniñ “Zenit” toparyny terk eder. “Sportski žurnal” internet neşiriniň habar bermegine görä, “Zenit” toparynyñ ýolbaşçylary 36 ýaşly oýunçy bilen şertnamasyny ylalaşyga gelip bilmediler we onuñ häzirki şertnamasy şu ýylyñ tomsunda tamamlanýar.

Iwanowiç 2017-nji ýylyñ fewral aýynda “Çelsi” toparyndan “Zenit” toparyna erkin oýunçy hökmünde transfer boldy. Şol wagtyñ dowamynda “Zenit” toparynyñ düzüminde 119 duşuşykda oýnap, 4 gezek ýardam pasyny we 11 gezek gol geçirmegi başardy. Şeýle hem Branislaw Iwanowiç 2018/2019 möwsüminde Russiýanyñ çempiony bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar