SIZDEN GELENLER

Goşa mukaddesligiň baýramy

Her ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde bellenilýär. Bu baýramyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň hatyrasyna bina edilen ägirt uly heýkeliň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy bilen utgaşdyrylmagy umumadamzat gymmatlyklaryna ruhy we medeni taýdan möhüm goşant goşan türkmen halkynyň beýik döwre ýetip, mizemez berkarar döwlet gurandygyny dünýä äşgär edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, Konstitusiýa döwletiň hem raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr. Konstitusiýa jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň döredilmeginiň, işlemeginiň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy hukuklaryny, borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny, onuň wezipeli adamlarynyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň Esasy Kanuny hasaplanýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji döwürlerinde, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda öz Konstitusiýasyny kabul etdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde hukuk we halkara gatnaşyklarynyň emele gelmegi netijesinde, olaryň kanuny we taryhy ähmiýete eýe bolandygy sebäpli, döwletiň Esasy Kanunyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler, goşmaçalar girizildi. Ýurduň täze taryhy eýýamynda ösüşleriň berk hukuk binýady döredildi. Milli kanunçylyk ulgamynyň berkidilmeginde Esasy Kanun aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler arkaly ösüşleriň täze tapgyrlarynyň hukuk binýady kämil derejede berkidildi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iki gezek ykrar edilen bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Esasy Kanunymyzda beýan edilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmeginde uly ähmiýete eýe boldy.

Baýdak döwletiň nyşany, halkyň gadymy däpleriniň, adatlarynyň görkezijisi hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda türkmen halkynyň mukaddes ýörelgeleri jemlenendir.
2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda dünýäde iň belent flagştok oturdyldy we ol belentligi
bilen Ginnesiň Bütin dünýä rekordlar kitabyna girizildi. 133 metrlik bu flagştokdaky baýdagymyzyň ini 35,
boýy 52.5 metr, agramy bolsa 420 kilograma barabardyr. Ýaşyl Tugumyzyň şeýle belentlige
galdyrylmagynyň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Watanymyz ähli

ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine galýar. Döwlet baýdagymyzyň iň belent flagştogda
pasyrdamagy halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esaslarynyň mizemezligini dabaralandyryp, BMG-niň Ştab-kwartirasynyň öňündäki baýdak sütüninde belentden parlaýar. Ak mermerli Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlikdäki baýdak sütüninde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjyny dabaralandyrýar.

Döwletimiziň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy döwletliligimizi alamatlandyrýan nyşanlarymyz bolup, olar Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Goşa mukaddeslik umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegine bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen beýan edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Döwleti dolandyrmakda, demokratik, adalatly jemgyýeti gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris» diýip nygtaýşy ýaly, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Munuň özi ösüşleriň belent maksatlaryna ruhlandyrýan milli mukaddesliklerimize goýulýan ýokary hormat-sarpanyň kepili bolup dabaralanýar.

Gülnur Hojaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri