DÜNÝÄ

Türkmenistanda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenildi

Şu gün ýurdumyzda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Nesilleriň parahat ýaşamaklary, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janlaryny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris.

Irden asylly däbe görä, häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança ýygnandylar.

Her ýylyň 9-njy maýynda dürli ýaşdaky adamlar adamzat taryhyndaky iň zalym uruşdan gaýdyp gelmedik ildeşlerini hatyralamak üçin ýadygärlik toplumyna gelýärler.

Beýik Watançylyk urşunda geljek nesilleriň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda batyrlarça söweşen we 1945-nji ýylda Beýik Ýeňşi dünýä buşlan gahrymanlaryň sany barha azalýar.

Bu şanly günde biz Beýik Ýeňşi bagyş eden ähli weteranlaryň öňünde baş egýäris. Türkmenistanyň sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilmegi halkymyzyň asylly däpleriniň nesilden-nesle geçirilýändiginiň we pederlerimiziň edermenligine goýulýan hormatyň aýdyň nyşanydyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Garaşsyz ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, dost-doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly tagallalary edýar. Dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ynanyşmak we özara düşünişmek gurşawyny berkitmek üçin zerur işler amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri