SPORT

“Real”-“Mançester Siti”: 3-3, “Arsenal” – “Bawariýa”:2-2

Düýn UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” öz meýdançasynda geçen ýylyň çempiony “Mançester Siti” topary bilen 3:3 hasabynda deňme-deň oýnady. Angliýanyň “Arsenal” toparynyň öz meýdançasynda Germaniýanyň “Bawariýa” topary bilen geçiren duşuşygy hem 2:2 hasabynda tamamlandy.

Madridde geçirilen duşuşygyň 2-nji minutynda Bernardo Silwa bilen “Siti” topary öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik madridliler 4 minutda hasaby 2:1 öz peýdasyna geçirdi. Ilki bilen Ruben Dias öz derwezesine, soňra Rogrigo tapawutlandy.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda 66-njy minutda Fil Fodeniň we 71-nji minutda Ýoşko Gwardiolyň uzakdan geçiren owadan gollary bilen “Siti” ýene öňe saýlandy.

“Real” topary hem 79-njy minutda urugwaýly futbolçysy Walwerdeniň geçiren owadan goly bilen hasaby deňledi we ýeňilmekden halas boldy.

Bu duşuşykda “Mançester Siti” toparynyň horwat goragçysy Ýoşko Gwardiol ilkinji gezek meşhur “Sandiýago Barnebau” stadionynda futbol duşuşygyna çykdy we “Mançester Siti” toparynyň düzümindäki ilkinji goluny geçirdi.

Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” toparynyň italiýaly tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa, Çempionlar ligasynda 200-nji duşuşykda tälimçilik eden ilkinji hünärmen boldy.

London şäherinde geçirilen Angliýanyň “Arsenal” topary bilen Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň duşuşygy hem deňme-deň tamamlandy.

1/4 finalynyň jogap duşuşyklary 14-nji aprelde geçiriler.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy