Beýik Britaniýanyň daşary işler we halkara ösüş ministri Dewid Kemeronyň Merkezi Aziýa döwletlerine sapar guramagy meýilleşdirýändigi habar berildi. Bu barada onuň parlamentde eden çykyşy şaýatlyk edýär.
Parlamentde daşary syýasat barada geçirilen pikir soraşmalarda Dewid Kemeron şeýle diýdi: Merkezi Aziýa uly üstünlikler gazanmagy göz öňünde tutýan sebitimizdir. Ol ýerde bolmagy meýilleşdirýärin. Merkezi Aziýada ara alyp maslahatlaşjak ugurlar boýunça işewürlik, jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim guramalarynyň wekilleri bilen tegelek stol duşuşyklaryny geçirerin.
Beýik Britaniýa Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.
