JEMGYÝET

Şu gün owgan harytlarynyň sergisi açylýar

Owganystanyň Söwda ministrliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda owgan  harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler.

Oňa Owganystanyň söwda ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar. Owgan wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylayr bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösýändigini, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-üstaşyr hyzmatdaşlygyň pugtalanýandygyny belledi.

Türkmen tarapy Aşgabatdaky türkmen-owgan işewürler maslahatyna 100-e golaý türkmen kompaniýalarynyň hem gatnaşýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk ugurlarynyň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Nuriddin Azizi öz gezeginde hususy pudaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, Owganystanda söwda we maýa goýumlar üçin köp sanly ýeňillikleriň döredilýändigini aýtdy.

Ol Owganystanyň Merkezi we Günorta Aziýa döwletleri bilen oňat gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda tagalla edýändigini aýtdy.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogany doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Daşary ýurtlarda okaýan talyplara uly hyzmat

vepa