2024-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Korneli Kekelidze adyndaky Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň direktory Zaza Abaşidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli Golýazmalar Merkeziniň arasynda göni aragatnaşyk saklamak arkaly bu iki düzümiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde bilelikdäki konferensiýalary, ylmy forumlary, gözleg işlerini geçirmegiň hem-de ylmy taslamalary amala aşyrmagyň, şeýle-de iki ýurduň alymlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini aýratyn nygtaldy.
Ilçi şu ýyl beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini aýtdy. Bu ýubileý dabara bagyşlanan çäreleriň ählisi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňişleýin tanyşmagyna, netijeli ynsanperwer gepleşikleriniň, dostluk gatnaşyklarynyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň berkidilmegine goşant goşjakdygyny belledi.
Z.Abaşidze öz gezeginde Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky medeni – ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ynam bildirdi we baý medeni mirasy, gadymy gymmatlyklary we milli sungaty wagyz etmekde iki ýurduň alymlarynyň möhüm ornuny belläp geçdi.