DÜNÝÄ

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen geçirilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-nemes gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini tassykladylar we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy, şeýle hem halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde özara hereketleri mundan beýläk-de berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Ulag, energetika, «ýaşyl» transformasiýa, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Related posts

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Dünýäniň iň garry är-aýaly nika toýunyň 80 ýyllygyny belledi

vepa

Baş Assambleýa BMG-niň 2024-nji ýyl üçin býujetini tassyklady