BIZNES

Türkmenistanda hususy kärhana ilkinji gezek önümçilikde Gün energiýasyny ulanar

Türkmenistanda şahsy arassaçylyk we ýuwujy serişdeleriň önümçiliginde öňdebaryjy bolan «Täç hil»
türkmen kompaniýasy önümçilikde Gün energiýasyny ulanmakda ilkinjileriň biri boldy.

Kompaniýa zawodynyň üçeginde kuwwatlylygy 12 kWt sagat bolan Gün batareýasyny we 5 kWt sagat
akkumulýator batareýasyny gurnamaklyga maýa goýýar. Munuň özi «Täç hil» kompaniýasyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bölekleýin geçmäge, elektrik toruna düşýän agramy azaltmaga we daşky gurşawa täsirini peseltmäge mümkinçilik berer.

«Täç hil» – bu Merkezi Aziýanyň telekeçiliginiň durnukly ösüşe bolan ymtylyşynyň mysalydyr» diýip,
Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) bilermenleri belleýärler. Bu bank ESG maksatnamasynyň
çäklerinde kompaniýa maslahat beriş goldawyny berýär.

«Täç hil» önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary we ýokary hilli çig mallary ulanýar. ÝDÖB-niň goldaw
bermegi bilen, kompaniýa hili dolandyryş ulgamyny ornaşdyrýar we önümçiligi BMG-niň Durnukly ösüş
maksatlaryna laýyk getirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy