MEDENIÝET

“BAFTA” baýraklarynyň ýeňijileri belli boldy

Beýik Britaniýanyň film we telewideniýe sungaty akademiýasynyň (BAFTA) baýraklarynyň üstümizdäki ýyldaky ýeňijileri yglan edildi. Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” filmi uly üstünlik gazandy. Bu film 7 kagetogiýada, şol san-da iň gowy film, iň gowy erkek aktýor, we iň gowy režissýor ýaly ugurlarda baýrak aldy.

“BAFTA” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda Emma Stounyň baş keşbi janlandyran “Garyplar-bagtsyzlar” filmi 5 ugurda baýraga mynasyp boldy. Stounyň özi bolsa, iň gowy zenan keşbi üçin baýragyň eýesi boldy.

“Gyzyklanmalar zolagy” atly taryhy drama “BAFTA” baýraklarynyň 3-sini gazandy.

Kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan “Barbi” hem-de “Soltbern” filmleri gynansak-da 10 ugur boýunça dalaşgär görkezilen halatynda hem baýraksyz galdy.

78-nji gezek geçirilen “BAFTA” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyna Uesl şazadasy Uilýam hem gatnaşdy. Ol şol bir wagtda britan kinokademiýasynyň ýolbaşçysydyr.

Related posts

Türkiýäniň meşhur aktýory aradan çykdy

Teýlor Swift milliarderleriň hataryna goşuldy

Täze taslamada baş keşbi janlandyrar