2024-nji ýylyň 13-14-nji fewralynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Katar Döwletinde döwlet saparynda bolar. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Kasym Žomart-Tokaýew saparynyň çäklerinde Kataryň Emiri Şäýh Tamim ben Hamad Al-Tani we Premýer-ministri Şeýh Muhammed ben Abdulrahman Al-Tani bilen gepleşikler geçirer.
Şeýle hem gazak Lideri saparynyň dowamynda gazak-katar maýa goýum duşuşygyna gatnaşar hem-de Kataryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer.
