DÜNÝÄ

Türkmenistan Pakistandaky “Apelsin festiwalyna” gatnaşdy

Pakistanyň Penjab welaýatynyň taryhy Taksila şäherinde ýerleşen “Zaildar House” binasynda her ýylda däp bolşy ýaly belenýän «Orange festivali» geçirildi. Çäre bilelikde Yslamabatda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň we harby attaşeleriniň duaýenleriniň edaralary, hem-de Elaan Research Centre merkeziniň wise-başlygy Zaildar Ahsan Shahyň ýakyndan gatnaşmagynda guraldy.

Çärä Pakistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary Mirza Mohammad Afridi, Päkistanyň wagtlaýyn Hökümetiniň agzalary, Islamabatda akkretitirlelen daşary ýurtly Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de medeniýet we jemgyýetçilik işgärleri, biznesmenleri gatnaşdylar.

Pakistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary gatnaşyjylara ýüzlenip medeniýet diplomatiýasynyň bu ýurduň baý taryhy mirasyny halkara arenasynda tanatmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp geçdi.

Öz nobatynda diplomatik korpusynyň Duaýeni, Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi А.Мöwlamow, bu geçirilýän çäräniň daşary ýurtly diplomatlaryň Päkistanyň medeniýeti we taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga, hem-de dünýäniň ähli halklaryň arasynda özara düşünşmegiň berkidelmeginiň täsirli usuly bolýandygyny belläp geçdi.

Festiwala gelenler Pakistanyň baý medeniýeti we däpleri bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik döredenleri üçin onuň gurnaýjylaryna öz minnetdarlygyny bildirdiler. Daşary ýurtly myhmanlar ýerli köpçüliklein habar beriş serişdelerine berýän interwýularynda Päkistan bilen medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri