Türkmenistan bilen Ýaponiýa dekarbonizasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler. Bu resminamaTokioda şäherinde Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda gol çekildi.
Ýapon metbugatynyň habaryna görä, taraplar Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynda önümçilik işinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga kömek edýän tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.
Ken Saýto Merkezi Aziýanyň uglerod bitaraplygyny gazanmakdaky rolunyň barha artýandygyny aýtdy. Şeýle hem, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde öňegidişlige umyt bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň anyk mazmunyny güýçlendirmek üçin Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen dekarbonizasiýa tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişidanyň şu ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa baryp, altytaraplaýyn sammite gatnaşjakdygy bellenilýär.
