JEMGYÝET

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary bilen duşuşyk

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýada saparda bolýar. Bu saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary Ýesimasa Haýasi bilen duşuşyk geçirildi.

Ýapon tarapy Türkmenistanyň wise-premýeriniň ozalky saparyndan bir ýyl soňra täzeden sapar bilen gelendigi, şeýle hem Türkmenistanyň Noto ýarymadasynda bolup geçen ýertitreme zerarly sebäpli iberen gynanç haty üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Haýasi 2022-nji ýylda Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşygy ýakymly ýatlamalar bilen ýatlaýandygyny belledi.

Meredow we Haýasi Merkezi Aziýa-Ýaponiýa görnüşinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleler boýunça pikir alyşdy.

Taraplar ykdysaydyýetiň dürli ulgamlarynda, şeýle hem ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.

Related posts

Türkiýäniň energetika ministri Türkmenistana sapar bilen geler

Aşgabatda 80-nji belgili täze awtobus ugry işe girizildi

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy