SPORT

Russiýanyň Futbol geňeşi Aziýa geçmekden ýüz öwürdi

Russiýanyň Futbol geňeşi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasyna geçmekden ýüz öwürdi. Bu barada Rusisýanyň Futbol geňeşiniň ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.

Ýerine ýetiriji komitetiň ähli agzalary FIFA-nyň kepilligi bolmazdan, Aziýa geçmegiň manysynyň ýokdugyny belleýärler. Russiýanyň futbol geňeşi UEFA-nyň üsti bilen halkara ýaryşlara gatnaşmak babatda tagallalaryny dowam etdirýär.

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji fewralynda UEFA-nyň we FIFA-nyň ýaryşlaryndan çetleşdirildi. Häzirki wagtda diňe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýär.

 

Related posts

“Barselona” 12 futbolçysyny satmakçy

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempionatynda 100-nji goluny geçirdi