SPORT

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempionatynda 100-nji goluny geçirdi

“Al-Nasr” topary futbol boýunça Saud Arabystanynyň çempionatynyň 33-nji tapgyrynyň myhmançylykdaky duşuşygynda “Al-Şabab” toparyny 4:2 hasabynda ýendi.

Ýeňiji bolan toparyň düzüminde Žoau Feliks (3-nji, 10-njy we 90+8-nji minutlarda) we Kristiano Ronaldo (75) tapawutlandylar. Ýeňilen toparyň gollaryny bolsa Ýannik Karrasko (30) we Ali al-Bulaýhi (80) geçirdi.

Ronaldo üçin bu gol Saud Arabystanynyň çempionatyndaky 100-nji goly boldy, ol “Al-Nasr” toparyna 2022-nji ýylyň dekabrynda geçipdi. Portugal hüjümçisi professional karyerasynda 971-nji goluny urdy. Ol futbol taryhynda iň köp gol geçiren futbolçy bolmagynda galýar.

Ronaldo dört sany çempionatda 100 golly sepgide ýetmegi başardy, mundan ozal ol Ispaniýanyň, Angliýanyň we Italiýanyň milli birinjiliklerinde hem şunça gol urupdy. Karyerasynyň dowamynda ol Ispaniýanyň “Real”, Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” we Italiýanyň “Ýuwentus” ýaly toparlarynda hem oýnapdy. Ronaldo diňe karyerasyna başlan topary bolan Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň düzüminde 100 gol urup bilmedi.

  • “Al-Nasr” 82 utuk bilen Saud Arabystanynyň çempionatynda birinji orunda barýar.
  • “Al-Şabab” 32 utuk bilen 13-nji orny eýeleýär.

Indiki duşuşykda “Al-Nasr” öz meýdançasynda 77 utugy bolan we 2-nji orunda duran “Al-Hilal” toparyny kabul eder. Oýun 12-nji maýda geçiriler. “Al-Hilalyň” ätiýaçda ýene bir oýnunyň bardygyny hem bellemelidiris.

Ýene-de okaň

Türkmen ýygyndysy türki döwletleriň arasyndaky birinji küşt olimpiadasyna gatnaşýar

“Inter” topary 10-njy gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldonyň çempionlygyna 1 duşuşyk galdy

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar