MEDENIÝET

Teýlor Swift Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift “Eras Tour” aýdym-saz konsert saparynyň çäklerinde 1 milliard dollar gazandy. Şeýlelikde, Swift Teýlor häzirki wagta çenli aýdym-saz konsert sapary boýunça resmi taýdan iň köp girdeji gazanan aýdymçy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Şeýle hem bu konsert sapary 1 milliard dollardan gowrak girdejä eýe bolan ilkinji konsert sapary boldy.

Teýlor Swiftiň “Eras Tour” aýdym-saz konsert sapary 2023-nji ýylyň martynda başlady we 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenip, şonuň dowamynda tutuş dünýäde 151 konsert maksatnamasy geçiriler. Häzirki wagtda 1,04 milliard dollarlyk girdeji gazanyldy.

Bu bolsa, dünýä belli aýdymçy Elton Jonyň 5 ýyllyk hoşlaşyk konsert saparynyň rekordyny täzeledi. Elton jon bu hoşlaşyk konsert saparynyň çäklerinde 328 konsert maksatnamasynda çykyş edip, 939 million dollar gazandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift milliarderler sanawyna goşuldy. 33 ýaşyndaky ýaş aýdymçy aýdym-saz ugry boýunça birnäçe uly baýraklaryň eýesidir.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy