MEDENIÝET

4 ýaşly çaga Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Birleşen Arap Emirliklerinden 4 ýaşly çaga kitaby çap edilen iň ýaş ýazyjy diýlip yglan edildi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär. 

Said Raşed Al-Mheýriniň “Said pil we aýy” atly kitaby 4 ýyl we 218 gün günde neşir edildi.

– Pil dynç alşy çykýar we şol ýerde ak aýyny görýär. Ol aýynyň özüni iýer öýdüpdir we oňa bilelikde dynç alyş gurnamagy teklip edýär. Şeýlelikde, olar soňra dostlaşýarlar we birek-birege kömek edýärler – diýip, awtor öz kitabynda belleýär.

Çaganyň bellemegine görä, ol dostluk we ýagşylyk barada kitap döretmegi meýilleşdirýär.

4 ýaşly çaganyň rekordy 2023-nji ýylyň 9-njy martynda hasaba alyndy we kitabyň 1000 nusgasy satyldy.

Related posts

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Ata Watan Eserleri

Eýran Türkmenistan bilen media ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment