Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messiniň düzüminde çykyş edýän ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary portugal ýyldyz Kristiano Ronaldoly Saud Arabystanyň “Al-Nasr” topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.
ABŞ-nyň topary Saud Arabystanynyň iki topary – “Al-Hilal” hem-de “Al-Nasr” bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirjekdiklerini yglan etdi.
Duşuşyklar Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde 2024-nji ýylyň 29-njy ýanwary we 1-nji fewralynda geçiriler.
Şeýlelikde, Lionel Messili amerikan topary bilen Ronaldoly saud topary özara duşuşygyny geçirer.
Saud Arabystanyň güýçli toparlaryndan “Al-Hilal” toparynda hem brazil ýyldyz Neýmar hem-de Malkom çykyş edýär. Ýöne gynansak-da, Neýmar häzirki wagtda şikesli we bu duşuşykda oýnap bilmeýär.
