DÜNÝÄ

Azerbaýjan Ýewropa 12 milliard kubmetr tebigy gaz iberer

Üstümizdäki ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Ýewropa eksport eden tebigy gazynyň möçberi 12 milliard kubmetre ýeter. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew habar berdi.

Serbiýa Respublikasynda Bolgariýa bilen Serbiýanyň arasynda interkonnektor taslamasynyň durmuşa geçirilmegi mynasybetli guralan dabaralara gatnaşan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2021-nji ýylda Ýewropa 8 milliard kubmetrden gowrak tebigy gazyň iberilendigini belläp, üstümzidäki ýylda bu görkezijiniň 12 milliard kubmetre golaýlaýandygyny belledi.

Şeýle hem ol bu görkezijiniň azerbaýjan gazynyň umumy eksportunyň 50 göterimine deňdigini aýdyp, 2027-nji ýylda Ýewropa iberilýän tebigy gazyň möçberiniň 2 esse ýokarlanjakdygyny belläp, bu ugurda ynamly ädimler bilen öňe barýandyklaryny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Trampdan soňra Putin hem Hytaýa sapara barýar

Azerbaýjanda Şäherleriň Bütindünýä Forumy başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary

«Miras» modalar öýi Kazanda lybaslar toplumyny görkezdi

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder