Hekaýa
Synpdaşlarymyň bary diýen ýaly öýlenipdi. Men olaryň söýgülerini ýüzleý görýärdim. Sebäp olaryň öz söýýän gyzlaryna aňsat ýetýändiklerindenmi ýa-da başga bir sebäpden, birhili oýun edilýän ýaly söýgüdi. Oglan gyza “ Men seni söýýän” diýip hat ýazardy. Gyzam “Menem seni erbet göremok” diýen ýaly jogap bererdi. Şeýdibem söýgi başlanardy. Onsoň olar şähere gidip ilk-ä bile surata düşerdiler, soňam “sýji ekeni-de, süýji eken” diýşip, buzgaýmak iýerdiler. Oglan gyza haýsydyr bir şahyryň söýgi hakdaky goşgusyny özi düzýän ýaly bolup aýdyp bererdi. Gyzam kişiniň söýgüsini – ýanan söýgüsi baradaky goşgyny hamana oglan ýörite düzen ýaly gözlerini süzüp diňlärdi. Soňam toý tutulardy. Görseň eýýäm gara galpaklyja bäbejigem dünýä gelendir. Ýöne maşgalada “Ölsem-ä – ýerňki, ölmesem seniňki” diýilýän süýji sözler indi duýlanokdy. Olar birhili, çagalarynyň hatyrasyna ýa-da il-günden utanyp ýaşaýan ýaly bolup ýaşaýardylar.
Men çynlakaý söýgüni – ömrüňde bir gezek söýülýän söýgüni isleýärdim. Berk maşgala ojagyny, birek-birege düşünişip ýaşamagy arzuw edýärdim. Emma o diýenim bolup baranokdy. Ynha, bu gün bolsa şahyryň aýdyşy ýaly, “Niçe ýyl gözledim, ahyry tapdym, Ýüregme saldym-da, içinden ýapdym” diýiläýn gyza gabat geldim. Bi betbagtlygym bagtly bolmagyma sebäp boldy diýlen ýaly boldy.
Köçäniň ortarasynda tas taýyp ýykylypdym. Bir seretsem ýumşaksy el-ä golumdan tutup dur, ýumşaksy sesem gulagymyň golaýjagynda ýaňlanýar.
– Seresap bolaweriň!..
Men minnetdarlygymy bildirip gidiberjek bolamda gyzyň elindäki galyň kitaba gözüm düşdi. Ol ölmez-ýitmez “Myssyry” poemasydy. Meniň kitaba nazarymyň gönügenini aňan gyzam hamana meni öňden görüp ýören ýaly şeý diýdi.
– Wiý, bi asyl sizmidiňiz?..
Men gyzyň ýüzüne seretdim, ýöne tanap bilmedim. Sebäp şo döwürler redaksiýa gelip-gidýän gyzlar kändi. Olaryň kimsi “siziň ýazan hekaýaňyz meniň ykbalyma golaý ekeni” diýse, beýlekisi “meň üçinem bir hekaýa ýazsaňyzlaň” diýip haýyş ederdi. Eli kitaply gyz bolsa meniň aljyrap duranyma nebsi agyrdymy nememi, şeýle diýdi.
– Siz meni tanamarsyňyz. Emma men sizi tanaýan. Ýadyňyzda bolsa geçen ýyl Täze ýylda eli repertuwarly žurnalist gyz ikibaka elewräp köçäniň ugrunda geçene sowal berýädi. Ol olaryň işleri-dä. Şonda ol gyz sizi saklap şeý diýeni ýadymda: “Bagt diýip nämä düşünýärsiňiz?”.
Siz bosa haýdaşlap howlugyp gidip barşyňyza şeýle sözleri aýdypdyňyz: “Meniň ýüregime düşünýän adam – meniň üçin uly bagt”.
Siziň o jogabyňyz maňa diýseň ýarapdy. Ýazyjynyň ýüregi, onuň ýazýan eserleri, şol eserlere düşünip bilseň ýazyjynyň ýüregine düşündigiň. Menem sizden birzat soraýyn…
Men aýdyň diýip başymy atdym. Ol ýüzüme däl-de ýere seredip şeýle diýdi.
– Bagtyň haýsysy gowy bolýa?
Men säginmän jogap berdim.
– Elbetde kiçisi.
– Näme, uly bagty halamaýaňyzmy?
– Bagt kiçijek bolsa arassa hem tämiz bolýa.
Gyz esli salym sesini çykarmady. Soňam uýaljaňlyk bilen şeý diýdi.
– Men ömrümboy şol tämiz bagty gözläp gelýän.
Biz hamala öňden tanyş ýaly darajyk ýoda bilen gidip barýadyk. Bi gyz bilen durmuş gurmaga däl, ýanaşyp ýöremegem uly bagtdy. Ol owadandy. Kirpikmen gözleri bilen uly dünýäni synlaýardy. Geplände-de şeýle bir ýuwaş, sada gepleýärdi. Şonda men onuň ýüreginiň sesini eşidýän ýaly bolýardym.
– Nähili gowy gün! Ak ýolda Täze ýyl güni tanyşlyk – bi ýagşylygyň alamaty. Men şeýle güne kän garaşypdym. Men siziň hekaýalaryňyzy sypdyrman okaýaryn. Hatda indi haçan çykarka diýip garaşýarynam. Göräýmäge siziň ýazýan zatlaryňyz bary birmeňzeş ýaly. Ýöne onda ykballar dürli-dürli. Baltak, Ýerbendiň gamgyn ýeli, kümüşsöw sesli bendiwan durnalar – bularyň bary ýerine düşen obrazlar. Onsoňam siz olara ynsana çemeleşişiňiz ýaly çemeleşýäňiz. Has dogrusy siz ýazmazdan ozal gahrymanlaryň suratyny çekýäňiz.
Siziň ýene bir ussatlygyňyz diliňiziň ýürege ýakynlygy hemem hiçkimiňkä meňzemeýän öz ýüzüňiziň barlygy. Sizi hemeler okaýandyr – men ony bilýän.
Özüň üçin aýdylýandygyndanmy nämemi ,gyzyň sözlerinden jana ýakymly bir gowy zadyň ysy gelip duran ýalydy. Biz şol gün hamana biri-birimizi tanap ýören ýaly uzakly gün gepleşdik. Gyzyň özüni alyp barşy, sypaýyçylykly gürrüňleri, hasam edebiýata düşünýänligi maňa hoş ýakýardy. Esasy zadam ol kitaplary özüne hemra edinendigi. Kitaba düşünýän bolsa ol maňada düşüner.
Men özümi dünýäniň iň bagtly adamsy saýýardym. Hemem ykbalyň miýesser eden bi ajaýyp azajyk pursatyna bäsgelip bilmän ulylim bilen gygyryberesim gelýärdi. Ýöne zordan saklanýardym. Gyzam şo duýgyny başdan geçirýän bolarly. Ol begençli gözlerini balkyldadyp, hamala uly dünýäni birinji ýola görýän ýaly lälezar gözlerini gyrpman meniň aýtjak indiki sözlerime howlugýardy.
Biz şol gün söýgi hakda, edebiýat hakda, durmuş hakda, geljek hakda kän gürrüň etdik. Ol bolsa maňa näme jogap bererkä diýýän ýaly garaşmaýan sowallarymy berýärdi.
– Siziň gorkýan zadyňyz näme?
Ol şu sözi şeýlebir sadalyk bilen aýtdy weli, göwnüme çagada ilkinji ýola eje diýip ýüzlenende-de beýdip aýtdyp bilmejek ýalydy. Bi sowal meni öňräkden bäri oýlandyrýardy. Geljekki nesil “öňküler hiç zat ýazyp bilmändir” diýseler iň gorkunç zat şol boljak.
Biz akyp ýatan akaryň başynda saklandyk. Eli kitaply gyz şol öňküsi ýaly ýuwaşja gürläp şeý diýdi.
– Bizde bir yrym bar, kimde-kim özüniň iň gowy zadyny akara oklasa, oklan gowy zadyndanam gowy zada indiki ýyl duşýarmyşyn…
Men goltugymdaky ýonulyp-ýonulyp bir gysym bolan galamymy akara okladym. Sebäp meniň başga hiç-hili gowy zadym ýokdy. Galamym bolsa maňa wepalylyk bilen ýüregimiň isleýşi ýaly ýazypdy. Men galamymyň yzyndan tä gözümden ýitinçä seretdim. Ol suwa çümmän şol akyp barýardy. Meniň oý-pikirlerimem oň bilen bile barýardy.
Gyz assaja gepledi.
– Gynanmaň, siz galamyňyzdanam wepaly bolan birine sataşarsyňyz. Sebäp sizi hemmeler gowy görýä…
Men saklanyp bilmedim.
– Hemmeler bilen bile ýene biri gowy görýär…
Gyz ylalaşýan ýaly başyny atyp çalaja ýylgyrdy. Biz indiki Täze ýylda ýene duşuşarys diýlen arzuw bilen hoşlaşdyk.
***
Men indi ellinji bahary başdan geçirýän zenanyň dünýä howlugyp topulyşy ýaly ak kagyza topulýardym. Köpler maňa ýazyjylyk ykbalyny arzuw edýärdi. Şeýdip ýagşy umytda bolup ýene Täze ýyla ýetdik. Ýöne gyz gelmedi… Indiki ýylam, soňky ýylam, ondan soňky ýylam gyzdan habar-hatyr ýokdy.
Şu ýyl ýene ýetip geldi. Meniň başyma ýetmişinji ýylyň gary sepeledi. Men ýene öňki köne endigim bilen şol duşuşmaly diýlen ýerimize bardym. Hemmeler Täze ýyl begenji bilen begenişýärdi. Meniň bolsa gaty sesim bilen gygyryp aglasym gelýärdi – sesimi şol eli kitaply gyzyň eşideri ýaly.
Birdenem gözlerimiň gören zadyna ynanmadym. Hakyt şol eli kitaply gyz gelýärdi – elinde-de galyň kitap bardy. Ol gelşine hiç-haçan günäsini ýuwup bolmajak günäkär ýaly ýuwaşja gepledi.
– Men siziň garaşýanyňyzy bilýädim. Meniň sizi niçeme ýyllap garaşdyranymyň sebäbi bar…
Ol kynlyk bilen şu sözleri aýtdy.
– Men sizi bagtsyz ederin öýdüp gorkdum…
Men nämä garaşsamam beýle söze garaşmandym. Sebäbi bagtsyz bolsamam şü gyz bilen ýaşap bagtsyz bolasym gelýädi. Adatça gyzyň aýdan bi sözüni kitaplarda oglan aýdýardy. Gyz ýene sözüni dowam etdi.
– Şonuň üçin gaty köp ýyllap arzuw eden öz umydymdan dänmeli boldum. Bilýäňmi näme, zenan dünýesi çylşyrymly dünýe. Men özüm zenanam bolsam entegem oňa düşünmän ýörün. Bir görseň-ä ol gyz nazary ýaly ýumşak, bir görseňem hyruçdan doly zenan ýüregi ýaly tupanly…
Siz gowy zatlary ýazýaňyz. Men ony il-günüň atygsaýan ýüreklerinden bilýän. Onsoň şeýle netijä gellim – dünýä öçmejek yz goýup giden ýazyjylaryň ýan-ýoldaşlarynyň sebäp bolup, galamlaryny ir goýandyklaryny bilýän. Onsoň menem birden siziň galamyňyza päsgel beräýsem adamlar begençli ýazgylardan mahrum bolarlar diýip pikir etdim. Uly dünýäni syýahat edip geçen Magellan gowy ýazgylaryň hatyrasyna okyjylarynyň höwesini ýatyrmajak bolup galamymy ir goýdurar diýen pikir bilen ömründe zenanyň ysyny alman geçdi. Hemenguýeý aýaly sebäpli gowy zatlary ýazmagyň deregine özüni içgä berdi. Istiwin Sweýh bagtly boljak bolup bäş gezek nika ýüzügini çalyşdy. Şonda-da oň diýeni bolman orta ýaşamanka dünýe bilen hoşleşdy. Hat-da orslaryň Tolstoýam entejik ýazyp bilýärkä aýaly sebäp bolup, sowukda meýdanda galdy. Onsoň menem şeýle günäde bolman, siziň ýazgylaryňyza bökdençlik ederin diýip il-günüň begenjini öz umydymdan, süýji arzuwymdan ýokarda goýup duşuşyga gelmedim…
Men gulaklarymyň eşidýän zadyna ynanamokdym. Hatda ömrüm boýy kitap okap geçenem bolsam beýle-beýle zatlara gabat gelmändim. Men näme gürlejegimi bilmän diňe aňalyp durdum. Adam kişiniň begenjine päsgel bermejek bolup öz arzuwyna palta urýar. Bi gussaly kinony ýadyma saldy. Eger men ilemeňzeş ýazyp bilýän bolamda şü zenanyň ýaňky pikiri hakda filmiň edebi esasyny ýazardym-da, başga hiç zat ýazmazdym…
Ýetmiş ýylyň aýralygy zenana öz möhürini basypdyr. Diňe onuň hiç-haçan garramaýan gözleri üýtgemändir. Ol gürläp duran wagty sözleriniň arasyny kesende durkundan azajyk ýaşyrak ýaly bolup görünýärdi.
Men hiç zat geplemän ony diňleýärdim. Ol bolsa ýan-ýoldaşy sebäp bolup, dünýä birtopar zatlary goýan ýazyjylaryň galamyny ir taşlandygy hakynda şol gürläp otyrdy. Men oňa galamymy ir taşlasamam, betbagtlyga iterilsemem seniň bilen ýaşap, şowsuzlyga uçrajak diýesim geldi. Ýöne saklandym. Gyz bolsa ýene birtopar zatlary aýdyp meniň bilen hoşlaşdy.
Han-ha indem ol gidip barýar. Özem çalarak ýempeýän ýaly. Meniň göwnüme ol ýempeme garrylygyň ýempemesi däl-de, ahmyryň ýempemesi ýalydy. Sebäp ol hoşlaşmanka şeýle sözleri aýdypdy.
– Ýaşlygam Täze ýyl ýaly aýlanyp gelýän bolanda indi meniň durmuşa çemeleşişim başgaça bolardy…
Bi eli kitaply gyzyň ökünjidi.
Eli kitaply gyz gözden ýitdi. Men entegem aňalyp durdum. Golaýjagymda şaryny oýnap duran gyzjagaz aňyrdan haýdaşlap gelen enesine:
– Ene, bu gün Täze ýyl-a, hemmeler begenýäler, bi daýy bolsa hatda ýylgyranogam, heýkel ýaly gymyldaman dur.
Ene agtyjagynyň elinden tutup barşyna meniň ýüzüme nebsagyryjy nazaryny aýlap şeý diýdi:
– Heýkelleriň ýylgyrmaýandygynyň sebäbi durmuş olaryň ruhlaryny ýaşlygyndan maýyp edýär…
Öwezmyrat ÝERBENDI.