Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Watanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemek göz öňünde tutulýar.
Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Adatlat ministrliginiň resmi saýtynda kadalaşdyryjy hukuk namasy çap edildi.
Şunuň bilen baglylykda:
XIX bap. Şahsy pensiýalary bellemek we tölemek
238. Şahsy pensiýa köp ýyllaryň dowamynda yhlasly, halal zähmet çekip, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň rowaçlanmagyna, jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmegine, ýurdumyzyň goranmak ukybynyň berkidilmegine, howpsuzlygyň, jemgyýetçilik we hukuk tertibiniň, kanunçylygyň üpjün edilmegine aýratyn goşant goşan, Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada ýa-da (we) Türkmenistanyň birnäçe beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolan, Türkmenistanyň 62 ýaşy dolan erkek raýatlaryna, 57 ýaşy dolan zenan raýatlaryna (mundan beýläk – raýat) bellenilýär.
239. Şahsy pensiýa Ýörite toparyň çözgüdi bilen bellenilýär.
240. Ýörite toparyň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
241. Şahsy pensiýanyň bir aýlyk möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilýän binýatlyk ululygyň 20 (ýigrimi) essesi möçberinde bellenilýär.
242. Şahsy pensiýany bellemek üçin Towakganama (şu Tertibe 21-nji goşundy) Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyna şu tertipde hödürlenýär:
1) degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri, ýokary guramasy bolmadyk edaralar, jemgyýetçilik birleşikleri (mundan beýläk – Iş beriji) tarapyndan zähmetkeşler köpçüliginiň pikirini nazara almak bilen öz ulgamlarynda işleýän şahsy pensiýanyň bellenmegine hödürlenýän raýatlar babatynda;
2) degişli welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri (mundan beýläk – Häkimlik) tarapyndan ýerli ilatyň pikirini nazara almak bilen öz çäklerinde ýaşaýan şahsy pensiýanyň bellenmegine hödürlenýän şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilen raýatlardan beýleki raýatlar babatynda.
243. Şahsy pensiýanyň bellenilmegine hödürlemek üçin zähmetkeşler köpçüliginiň pikiri Iş berijide (ýa-da Häkimlikde) kärdeşler arkalaşygynyň we (ýa-da) işgärleriň beýleki wekilçilikli edarasynyň umumy maslahatyny geçirmek arkaly kesgitlenilýär we Şahsy pensiýanyň bellenilmegine hödürlemek barada maslahatyň teswirnamasy (şu Tertibe 22-nji goşundy) bilen resmileşdirilýär.
244. Towakganamanyň ýanyna şahsy pensiýanyň bellenilmegine hödürlenýän raýatyň şu aşakdaky resminamalary goşulýar:
1) pasportynyň ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň nusgasy;
2) döwlet sylaglary bilen sylaglanandygy hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;
3) zähmet depderçesiniň ýa-da iş döwrüni tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;
4) terjimehal;