DÜNÝÄ

Türkmen-pakistan söwda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy döwletimiziň daşary we içeri syýasaty barada tanyşdyryş çäresini geçirdi. Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giňmöçberli maksatnamalary we taslamalary baradaky söhbetdeşligiň dowamynda täze “akylly şäher” düşünjesine esaslanýan Arkdag şäheri barada hem gürrüň berildi.

Gepleşikleriň dоwamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyda saparda bolar

5-nji oktýabr Bütindünýä mugallymlar güni

1 Milyon Ton Buğday Rekoltesi Hazır

vepa