DÜNÝÄ

Ýapon tehnikalary satyn alnar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasynyň direktory Gota Iwanami hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda, hususan-da Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegi bilen bagly degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki taslamalaryň netijelerine, şol sanda Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ynanyşmak hem-de özara gyzyklanmalaryň nazarda tutulmagyna esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler.

 

Türkmenabatdan Russiýa ýörite uçar gatnawy

 

 

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy