MEDENIÝET

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynda «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri görkeziler

Şu ýylyň 14 — 16-njy noýabrynda ýurdumyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler. Oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşar. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Halkara festiwalyň açylyş dabarasy 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat adyndaky baş akademiki drama teatrynda geçiriler.

Halkara festiwalyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Magtymguly – köňül guşy» atly sahna eseri hem görkeziler. Oýun 16-njy noýabrda sagat 10:00-da başlanar.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan edebi esasy boýunça Eziz Işangulyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan oýunda Gündogaryň görnükli akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä, din, ylym, adam hakdaky filosofik pikirleri açylyp görkezilýär.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy