BIZNES

Türkmenistan YHÖG-niň Ýewraziýa hepdesine gatnaşar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş  guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş  guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň başlygy Wilýam Tompsonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygynda taraplaryň gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda durlup geçildi.

Esasan hem duşuşykda Wilýam Tompson 2023-nji ýylyň 12-14-nji dekabr aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek YHÖG-niň Ýewraziýa hepdesine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny belläp geçdi we ol çäre boýunça umumy düşünje berdi. Ol umumy esasda hususy telekeçiligi toplumynyň hukuk taýdan üpjünçiligi barada belläp,  Merkezi Aziýa döwletleri boýunça söwda-ykdysady, maýa goýumlar, logistika ugurlarynda iş alnyp barylýandygyny aýtdy.

Taraplar, duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş  guramasynyň arasynda bähbitli özara hyzmatdaşly ösdürmek boýunça öz pikirlerini beýan edip, işewürlik gurşawyny kämilleşdirmäge, maýa goýumlary çekmäge, sanly ulgamyň kämilleşdirilmegi babatda, we bu abraýly Guramanyň toplumyna girizilmek boýunça maslahatlaşdylar, şeýle hem Gazagystan, Azerbaýjan, Türkiýe döwletleriniň arasyndaky taslamasy işlenilip taýýarlanylýan Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça işlere Türkmenistanyň hem gatnaşmagy ýaly teklipleri öňe sürdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar